ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi

  • 06.12.2020 11:39
  • 8.8k+

Meşhur ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi diýip, cursorinfo.co.il habar berýär.

Neşire görä, 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy derwezebany diýlip, "Bawariýanyň" hem-de Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezesini goraýan Manuel Noýer saýlandy.
Reýtingde ikinji ýerde "Liwerpulyň" derwezebany Alisson Bekker, üçünji ýerde bolsa, "Atletikonyň" derwezebany Ýan Oblak ýerleşdi.
ESPN neşirine görä, ýylyň iň gowy 10 derwezebany şulardan ybarat:
Manuel Noýer (Bawariýa);
Alisson Bekker (Liwerpul);
Ýan Oblak (Atletiko);
Mark-Andre Ter-Ştegen (Barselona);
Tibua Kurtua (Madridiň "Realy");
Ederson (Mançester Siti);
Keýlor Nawas (PSŽ);
Janluiji Donnarumma (Milan);
Samir Handanowiç (Inter);
Deýwid De Gea (Mançester Ýunaýted).
Belläp geçsek, Manuel Noýer Çempionlar ligasyndaky oýunlarda ýeňiş gazanmak boýunça Ronaldunyň rekordyny täzeledi.

düýn 22:47
1.4k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......