Hytaý Aýda baýdagyny dikdi

  • 05.12.2020 23:30
  • 17k+

Hytaý Chang’e 5 missiýasynyň çäginde Aýyň üstünde milli baýdagyny dikdi. Degişli surat CGTN teleýaýlymy tarapyndan görkezildi. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Baýdak sütüni aýratyn materialdan taýýarlanylyp, bary-ýogy 12 g agrama eýedir. Şeýlelikde, Hytaý Ýeriň tebigy hemrasynda baýdagyny diken üçünji ýurt boldy. Mundan ozal ABŞ bilen SSSR baýdak dikipdi.

“Bu Hytaýyň Aýda fabrikde öndürilen hakyky milli baýdagyny ilkinji gezek görkezişi” – diýip, teleýaýlym habar berdi hem-de ozalky Chang’e 3 we Chang’e 4 missiýalarynyň dowamynda milli baýdagyň “kosmos gämisiniň örtgüsi görnüşinde görkezilendigini” belläp geçdi.

3-nji dekabrda Chang’e 5 missiýasynyň uçuş enjamy Aýyň üstünden uçdy. Adam tarapyndan döredilen jisim Ýeriň tebigy hemrasyndan iň soňky gezek 44 ýyl mundan ozal çykdy (1976-njy ýylda Sowet Soýuzynyň “Luna-24” enjamy).
Chang’e 5 Aýa 1-nji dekabrda gondy. Ol Wençan kosmodromyndan Long March 5 agyr raketanyň kömegi bilen 24-nji noýabrda uçuryldy.
Chang’e 5 missiýasynyň çäginde Aýyň üstüni burawlama işi geçirildi. Şeýlelik bilen, Aýyň görünýän tarapynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Rýumker depesinden iki kilogram töweregi alnan wulkan gelip çykyşly nusgalar dekabryň üçünji hepdesinde Ýere getirilmeli.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......