Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «The Banker» neşiriniň «Ýylyň banky» baýragyny aldy

  • 05.12.2020 14:22
  • 10k+

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “The Banker” Britan maliýe neşiri tarapyndan türkmen banklarynyň arasynda iň gowy bank hökmünde ykrar edildi. Türkmen banky bu baýrage eýýäm on dördünji gezek mynasyp bolýar.

Neşiriň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, banky döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilen ençeme çäreler onuň “Ýylyň Banky” atly baýragy bilen sylaglanmagyna uly goşant goşdy.
Bankyň 2019-njy ýylda arassa girdejisi 150%-e barabar bolup, 1-nji derejeli maýasy 112% ýokarlandy. Şeýle hem ýerine ýetirilmedik karz gatnaşygy 1,2% -e deň boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ygtybarly işewürlik modelini döretmek maksady bilen, TDDYIB-y BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen amallaryny sanlaşdyrmak we dolandyryş tejribesini kämilleşdirmek ugrunda iş alyp bardy. Bankomat we töleg nokatlarynyň sany artdyryldy we häzirki zaman serwerleri goşuldy.
Bankyň meýilnamalaryna laýyklykda, kiçi we orta telekeçilere maliýe goldawyny bermek maksady bilen häzirki wagtda Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde oňyn täsirini ýetirýär diýip, beýanatda bellenilýär.
“The Banker” neşiri “The Financial Times Ltd.”-iň eýeçiligindäki iňlis dilinde aýda bir gezek çap edilýän halkara maliýe işleri boýunça neşirdir. Ilkinji gezek 1926-njy ýylyň ýanwar aýynda çap edilen žurnal 180-den gowrak ýurtda meşhur.

şu gün 13:30
3.7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

şu gün 13:10
4k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

düýn 19:37
6.8k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

düýn 13:39
1.3k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....