Türkmenistanyň Baş prokuraturasy nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady görkezijilerini seljerer

  • 02.12.2020 14:17
  • 21k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlap geçiren iş maslahatynda döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň öndürijiligini we girdejilerini artdyrmagy üpjün etmegi öňde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz çykdajylaryň düzümini seljermek we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça usulyýeti ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany iş maslahatynyň netijelerini jemläp, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, munuň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekdi.

 

13.06.2026 15:16
6.6k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....