"Sewilýa" özüniň Çempionlar ligasyndaky iň çalt we iň giçki gollaryny geçirdi

  • 25.11.2020 23:12
  • 5.1k+

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji aýlawynda “Sewilýa” "Krasnodary" 2:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň başynda ýarymgoragçy Iwan Rakitiç 4-nji minutda gol geçirip, toparyny öňe saýlady. Bu gol ispanlar üçin ýaryşyň taryhyndaky iň irki gol boldy. Ikinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan 5-nji minudynda Munir gutarnykly hasaby kesgitledi. Şeýlelikde, Hulen Lopeteginiň topary özüniň Çempionlar ligasyndaky iň giçki goluny tora girizdi.
Bu duşuşykdan soň, 10 utuk toplan “Sewilýa” Çempionlar ligasynyň “E” toparçasynda 2-nji orunda ýerleşýär. Ispan kluby möhletinden öň 1/8 finala çykdy. "Krasnodar" bolsa 1 utuk bilen üçünji orunda barýar.

düýn 18:20
2.9k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.4k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......