Hançžou-2022-niň nyşanlarynyň animasiýa wideosy tanyşdyryldy

  • 23.11.2020 23:16
  • 3.1k+

2022-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň (talismanlarynyň) animasiýa wideosyny taýýarlamak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi.

Bäsleşigiň netijesinde, Aziýa oýunlary 2022-niň guramaçylyk komiteti tarapyndan "Kiçijik kub" (“The Little Cube”) atly iş saýlandy. Akylly üçlük hökmünde tanalýan Kongkong, Lýanlýan we Çençen atly üç sport roboty aprel aýynda Hançžou 2022-niň maskoty hökmünde tanyşdyryldy.
Bäsleşik gatnaşmak üçin açykdy we maskotlaryň tapawutly aýratynlyklaryny we janlylygyny görkezmäge ukyply animasiýalary tapmaga gönükdirilipdi.
“Kiçijik kub”-da üç maskotyň hemmesi Hançžou şäheriniň golaýynda Aziýa oýunlaryna girýän käbir sport görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olara ak kub şekilli personažlaryň goşuny gelip goşulýar.
Hytaýyň Sinhua habar gullugynyň aýtmagyna görä, ýaryşyň nyşanlary mälim edilen wagtyndan bäri gowy garşylandy. Umuman alanyňda, Guramaçylyk komitetine maskotlaryň eskizleri üçin 4633 ýüz tutma gelip gowuşdy.
2022-nji ýyldaky Aziýa oýunlary 10-25-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Onuň maksatnamasy 40 sport görnüşini öz içine alýar we oňa 10 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

düýn 14:15
9.5k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 22:55
4.7k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......