ÝUNISEF garyp ýurtlara koronawirusa garşy göreşmäge kömek eder

  • 23.11.2020 22:45
  • 3.1k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) 2021-nji ýylda 2 milliarda golaý dozada koronawirus sanjymyny satyn alar we mätäç ýurtlara iberer. Bu barada guramanyň habaryna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

ÝUNISEF "COVID-19 sanjymlaryny elýeterli bolan badyna 92-den gowrak ýurda gowşurmagy meýilleşdirýär" diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar. Gazna eýýäm geljekki ibermeleriň logistikasyny işläp başlady. Gurama howa arkaly daşaýjy, gämi gatnawy we beýleki ulag kompaniýalary - jemi 350-den gowrak hyzmatdaş bilen işleşýär.
ÝUNISEF Pan Amerikan Saglygy goraýyş Guramasy (PAHO) we Halkara Howa Ulaglary Assosiasiýasy bilen bilelikde COVID-19 sanjymlarynyň uly tapgyryny satyn almak we daşamak meýilleri barada iri awiakompaniýalara mälim etdiler.
Koronawirusa garşy derman serişdeleri COVAX merkezi bilen şertnama baglaşan kompaniýalardan satyn alnar.
Ozal gazna mätäç ýurtlara şahsy gorag enjamlary, kislorod konsentratorlary we synag enjamlary bilen üpjün edipdi. ÝUNISEF-iň ýanwar aýynyň başyndan bäri berýän kömegi 190 million dollar diýlip bahalandyrylýar.
COVAX - munuň özi BSGG-niň global sanjym öndürijileri bilen aragatnaşyk başlangyjydyr. Onuň maksady dünýäniň ähli ýurtlaryna koronawirusyň öňüni alýan howpsuz we täsirli dermanlara deň mümkinçilik bermekden ybaratdyr. Häzirki wagtda dünýäniň 172 ýurdy COVAX tarapyndan hasaba alyndy.

şu gün 11:37
2.6k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.2k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
8.9k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.7k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......