«Liwerpul» «Lesteri» ýeňip, APL-iň birinjiligini «Tottenhem» bilen paýlaşdy

  • 23.11.2020 11:54
  • 4.2k+

Angliýanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynda geçirilen duşuşykda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Lesterden” 3:0 hasabynda üstün çykdy.

21-nji minutda “Lesteriň” goragçysy Jonni Ewans topy öz toruna girizdi. Bu onuň premýer-liganyň oýunlarynda öz derwezesine girizen altynjy goly. Bu babatda ondan öňde diňe Riçard Dann (10), Jeými Karrager we Martin Şkrtel (hersi 7) bar. 41-nji minutda “Liwerpulyň” artykmaçlygyny Diogu Jota iki esse artdy, 86-njy minutda bolsa Roberto Firmino jemleýji pökgini tora girizdi.
“Liwerpulyň” ýarymgoragçysy Nabi Keýta şikes sebäpli ikinji ýarymyň başynda çalşyldy. Şeýle hem goragçylar Trent Aleksander-Arnold, Wiržil wan Deýk, Jo Gomez, ýarymgoragçylar Tiago Alkantara, Aleks Oksleýd-Çemberleýn, Jordan Henderson, şeýle hem öň koronawirus diagnozy bolan hüjümçi Mohammed Salah şikes sebäpli "Lester" bilen oýny sypdyrdylar.
Ýaryşyň jedwelinde “Liwerpul” bir gün öň “Mançester Sitini” ýeňen (2:0) “Tottenhem” bilen birinji orny paýlaşýar. Iki toparyň hem 20 utugy bar. “Lester” “Çelsi” bilen bilelikde 18 utuk toplady, toparlar jedwelde üçünji-dördünji setirleri eýeleýärler.
Indiki tapgyrda “Liwerpul” 28-nji noýabrda “Braýtony”, “Lester” 30-njy noýabrda “Fulhemi” kabul eder. Mundan başga-da, “Liwerpul” 25-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparçasynyň dördünji tapgyrynda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen öz öýünde duşuşar.
Tapgyryň beýleki oýunlarynyň netijeleri: “Fulhem” - “Ewerton” - 2:3; “Şeffild Ýunaýted” - “West Hem” - 0:1; "Lids" - "Arsenal" - 0:0.

düýn 21:54
1.8k+

UEFA Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň tertibini üýtgetdi

UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Stambulda geçiren mejlisinde erkekleriň milli ýygyndylary üçin saýlama ýaryşlarynyň täze tertibini tassyklady. Üýtgetmeler 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň güýje......

düýn 20:21
3.8k+

«Gitmegimiň sebäbini soramaň»: Gwardiola uly abraý bilen «ManSitini» terk edýär

«Mançester Siti» kluby baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň şu tomusda topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylyň iýul aýyndan bäri kluba ýolbaşçylyk edip, baş tälimçi......

düýn 11:36
4.1k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

düýn 07:24
7.7k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....