Awgust-oktýabr aýlarynda Türkmenistana 339 sany «Hyundai» awtobuslary getirildi

  • 23.11.2020 19:46
  • 13k+

2020-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda 339 sany «Hyundai» awtobusy CJ ICM Logistics kompaniýasy tarapyndan Türkiýeden Türkmenistana getirildi diýip, SeaNews habarlar agentligi habar berýär.

Awtobuslar Koreýa Respublikasyndan deňiz ýoly arkaly Türkiýä getirildi. Izmirde türk logistika kompaniýasynyň hünärmenleri awtobuslary derýa-deňiz gämilerine ýükläp, ýurdumyza ugratdylar.
Awtobuslar şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amal edilen döwlet satyn almalarynyň bir bölegi hökmünde getirildi. Umuman, Türkmenistan Koreýa Respublikasyndan 400 awtobus satyn alar.
Awgust aýynyň başyndan oktýabr aýynyň ahyryna çenli soňky bellenilen nokady Türkmenbaşy halkara deňiz porty bolan Wolgo-Don kanalynyň üsti bilen ýükli jemi ýedi gämi iberildi.

şu gün 08:11
1.1k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......