MakGregor 23-nji ýanwarda Porýe bilen boljak söweşini tassyklady

  • 21.11.2020 18:04
  • 11k+

Irlandiýaly Konor MakGregor bilen amerikaly Dastin Porýeniň arasynda UFC-niň çägindäki söweş Abu-Dabidäki "Söweş adasynda" ("Fight Island") bolar. MakGregor muny Instagramynda tassyklady.

Taraplar söweşiň 23-nji ýanwarda ýeňil agramda UFC 257-de boljakdygy barada resmi taýdan ylalaşdylar. Mundan ozal guramanyň başlygy Dana Uaýt söweşiň titul söweşi bolmajakdygyny belläp geçdi — häzirki wagtda bu agramda çempion 24-nji oktýabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eden russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedowdyr.

Söweşijiler ilkibaşda 12-nji dekabrda Dublinde haýyr-sahawat sparringini geçirmekçidiler. UFC-de MakGregor bilen Porýeniň arasyndaky ilkinji söweş 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda bolup geçipdi we onda birinji raundda tehniki nokaut bilen MakGregor ýeňiş gazanypdy.

Porýe 31 ýaşynda, onuň karýerasynda 26 ýeňiş, alty ýeňliş bar we ýene bir söweş hasaba alynmady. 32 ýaşly MakGregor 26 gezek söweşdi, onuň 22 ýeňşi we dört ýeňlişi bar. Ol UFC-de ilkinji titulyny 2015-nji ýylda aldy, soňra guramada bir wagtyň özünde dürli agram derejelerinde (ýarym ýeňil we ýeňil) iki titul gazanan ilkinji söweşiji boldy.

düýn 23:31
891

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

düýn 23:07
2.2k+

Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda......

düýn 20:48
5.4k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....

düýn 19:30
2k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......