Alymlar: Ösümlik şireleri, gök çaý koronawirusy we dümewi ýok etmekde peýdaly

  • 17.11.2020 13:38
  • 13k+

Ulm uniwersitetiniň (Germaniýa) alymlary käbir ösümlikleriň şiresiniň we gök çaýyň täze görnüşli koronawirusy we dümewi ýok etmekde peýdaly bolup biljekdigini anykladylar. Alymlaryň netijeleri bioRxiv elektron kitaphanasyndaky makalada neşir edildi diýip, nauka.tass.ru habar berýär.

Barlag işini geçirijiler garadäne rýabinanyň we naryň şiresiniň, şeýle-de gök çaýyň wirusa garşy gowy häsiýetleriniň bardygyny ýüze çykardylar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu içgiler COVID-19-y gowşadyp bilýär, çünki olar turşy gurşawy döredýärler hem-de wirusa ýaramaz täsir edýän ösümlik polifenollaryny saklaýarlar. Ýagny, garadäne rýabinanyň şiresi bilen bäş minutlyk bejergiden soň koronawirusyň işjeňligi 96%, dümewiň işjeňligi 99% peselýär. Çaý bilen nar şiresiniň täsiri esasynda koronawirusyň işjeňligi 80% peselýär.
Alymlaryň belleýşi ýaly, respirator wiruslary ilkibaşda burun-bokurdakda ýygnanýarlar, soň güýçlenip, bedeniň ähli ýerine ýaýraýarlar, ýöne olara başlangyç döwürde täsir ýetirilse, bu keselleriň alamatlaryny ýeňilleşdirip, dem alyş ýollary boýunça ýaýramagynyň öňüni alyp biler we keseliň adamdan adama geçmek mümkinçiligini azaldyp biler.
Hünärmenler bu şireler we çaý bilen bokurdagy çaýkamak agyz boşlugynda wirus bölejiklerini ýok edip biler diýip çaklaýarlar.

düýn 14:18
4.3k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......