Neýmar Dünýä çempionatynyň käbir oýunlaryny goýbermeli bolar

  • 13.11.2020 21:26
  • 8.2k+

"Pari Sen-Žermeniň" hüjümçisi Neýmar Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynda Wenesuela we Urugwaý bilen boljak oýunlaryny sypdyrmaly bolar. Bu barada "Globo Esporte" salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Braziliýaly hüjümçi 28-nji oktýabrda Çempionlar ligasynda Türkiýäniň "Stambul Başakşehir" toparyna ("PSŽ" 2-0 hasabynda ýeňdi) garşy duşuşykda şikes aldy. 28 ýaşly hüjümçiniň noýabr aýynyň ikinji ýarymynda oýnap biljekdigi habar berildi.
Penşenbe güni Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýerleşýän ýeri bolan San-Pauloda geçirilen lukmançylyk barlagy oýunçynyň Urugwaý bilen boljak oýna çenli but myşsasynyň şikesinden gutulyp bilmejekdigini görkezdi. Netijede, Neýmar nobatdaky oýna gatnaşjaklaryň sanawyna goşulmady.

"Biz Neýmardan saglygynyň gowulaşmagyna gözegçilik etmek üçin ondan golaýda bolmagyny haýyş etdik, oýunçynyň dikelişine uzak aralykdan gözegçilik edip bilmekleri üçin "PSŽ" bilen hem ýagdaýy düşünişdik. Geçiren barlagymyz hakykatdanam onuň saglygynda öňegidişligiň bardygyny görkezdi, ýöne oýunçy heniz oýna çykmaga taýyn däl" - diýip, Braziliýanyň milli ýygyndy toparynyň lukmany Rodrigo Lasmar aýtdy.

Braziliýanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Wenesuelanyň (14-nji noýabr) we Urugwaýyň (18-nji noýabr) ýygyndylary bilen duşuşar.

düýn 21:05
3k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

düýn 17:37
3k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
3.6k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
6.9k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......