Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý koronawirus bilen keselledi

  • 10.11.2020 15:00
  • 10k+

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň koronawirus üçin tabşyran synagy položitel bolup çykdy. Şeýle-de bolsa, Prezident resmi Telegram kanalynda özüni gowy duýýandygyny aýtdy diýip, TASS habar berýär.

"Dünýäde COVID-19 howpy abanmaýan bagty getiren ýok. Ähli öňüni alyş çärelerine garamazdan, meniň tabşyran synagym hem položitel çykdy. Özümi duýşum gowy. Köpçülikden üzňeleşjekdigime we işlemegimi dowam etdirjegime söz berýärin" -diýip, ukrain lideri belledi. Şeýle hem ol häzir 37.5 temperaturasynyň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Prezidentiň administrasiýasynda kesgitlenilişi ýaly, Zelenskiý öz wezipelerini uzak aralykdan ýerine ýetirer. Döwlet Baştutany Telegram kanalynda edaranyň başlygynyň, onuň orunbasarlarynyň we beýleki işgärleriniň hem koronawirus üçin yzygiderli synag tabşyrýandygyny habar berdi. Zelenskiniň edarasynyň başlygynyň orunbasarlaryndan biri, ozal koronawirus diagnozy bolan Ýuliýa Kowaliw "eýýäm negatiw synag netijesini aldy we karantin çäklendirmelerine laýyklykda, adaty režimde işleýär" - diýip, administrasiýa belleýär.
Şeýle hem ukrain metbugaty ýurduň maliýe ministri Sergeý Marçenkonyň koronawirus bilen keselländigini habar berdi. Ýöne bu barada entek resmi mälim edilmedi.
Duşenbe günündäki maglumatlara görä, ukrain lukmanlary günde 8,687 wirus ýokuşma hadysasyny ýüze çykardylar. Pandemiýa başlany bäri ýurtda 469.018 adama koronawirus ýokuşdy, olardan 209,143 adam sagaldy, 8565 adam aradan çykdy.

düýn 23:54
1.8k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

düýn 20:14
3.7k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......

29.05.2026 23:56
6.2k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.9k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......