"Barselona" "Betisi" derbi-dagyn etdi, Messi dubl bilen tapawutlandy

  • 07.11.2020 23:16
  • 11k+

"Barselona" ispan çempionatynyň 9-njy tapgyrynda "Betisden" üstün çykdy. Barselona şäherindäki “Kamp Nou” stadionynda geçen bu duşuşyk 5:2 hasabynda gök-narynçlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

"Barsa" hasaby Usman Dembeläniň goly bilen 22-nji minutda açdy. 33-nji minutda Antuan Grizmann jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Arnaldo Antonio Sanabria birinji ýarymyň ahyrynda hasaby deňlän hem bolsa, Grizmann ikinji ýarymyň başynda "Barselonany" ýene öňe saýlady.
61-nji minutda Lionel Messi 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby 3:1-e ýetirdi. "Betis" 73-nji minutda ýene bir pökgi geçirdi, ýöne oýnuň ahyrynda Messiniň dubly hem-de Pedriniň goşmaça wagtdaky goly oýnuň soňuna nokat goýdy.
“Barselona” 11 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda sekizinji orna çykdy. "Betis" (12) - ýedinji ýerde. Sanawyň başyny bolsa häzirlikçe “Real Sosýedad” çekip barýar.

düýn 22:55
962

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....