8-nji noýabrdan Türkmenistanda howa salkynlap başlar

  • 07.11.2020 13:50
  • 43k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň çägi günorta şemalynyň täsiri astynda bolar. Ak deňziň giň siklony günorta-gündogardan ýurdumyza ýyly howa getirer. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda we günortasynda howanyň temperaturasy +23 — +31 derejesine çenli ýokarlanar. Şeýle-de bolsa, Orient-iň “Meteožurnal” internet neşirine salgylanyp habar bermegine görä, ýurdumyzyň ýaşaýjylary ýakyn wagtda noýabr aýynyň güneşli günleri bilen wagtlaýyn hoşlaşmaly bolarlar.

Salkyn howa massasy bilen atlantik antisiklony eýýäm Merkezi Aziýa ýurtlaryna tarap hereket edýär.
Ýekşenbe güni, 8-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde howa has sowuk bolar. 30 gradusdan ýokary temperatura 12-17-ä çenli pese düşer. Balkan welaýatynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Ýurduň günorta-gündogarynda howa ýagdaýy birneme üýtgeşik bolar. Bu ýerde temperatura ygalsyz +23 derejesinde saklanar.
Türkmenistanyň gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, dynç günleri Aşgabatda az-owlak ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
AccuWeather amerikan kompaniýasy paýtagtymyzda aýyň ahyryna çenli 12-19 gradus temperaturada salkyn howa bolar diýip çaklaýar. Şeýle-de bolsa, indiki hepdäniň ahyryna çenli termometrleriň görkezijisi gijelerine minusa çenli peseler.
Meteorologiki gözegçilikleriň taryhyndan, Aşgabatda iň irki aýaz 1980-nji ýylyň oktýabrynda bellige alyndy. Ýöne Aşgabatda oktýabr aýazlary seýrek ýagdaýa öwrüldi, iň soňkusy 1995-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda hasaba alyndy, şonda temperatura -2,3 derejesine düşdi. Şondan bäri güýzüň ortalarynda Aşgabatda ortaça salkyn howa saklanýar.
Türkmenistanyň gündogarynda ýagdaý düýbünden başgaça boldy. Köýtendag dagynda ilkinji gar 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda ýagdy.
Noýabr aýynda Merkezi Aziýa üçin howa maglumatlary dünýäniň dürli meteorologiýa merkezleriniň görkezijileri boýunça tapawutlanýar. Russiýanyň Gidrometeorologiýa merkezi Türkmenistanda ygal kadaly ýagdaýdan ortaça ýokary bolar diýip çaklaýar, şol bir wagtyň özünde temperatura görkezijileri kadaly ýagdaýa ýakyn bolar.
Uzak möhletleýin çaklamalar boýunça dünýä lideri bolan ABŞ-nyň Umman we atmosfera gözlegleriniň milli edarasy (NAOO) sebit üçin noýabr aýynyň pes göwrümli ygal bilen gurak boljakdygyny çaklaýar. IRI Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri hem güýzüň soňky aýynda ygalyň az boljakdygyny aýdyp, şeýle howa maglumatyny berýärler.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......