Çehiýa koronawirus pidalarynyň sany boýunça Ýewropada birinji ýerde

  • 03.11.2020 17:27
  • 13k+

Çehiýa ilatyň her 100 müňünde ölüm sanyny göz öňünde tutsak, koronawirus pidalarynyň sany boýunça Ýewropada birinji orny eýeleýär. Muny Ýewropanyň keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkeziniň maglumatlary delillendirýär diýip, spbdnevnik.ru habar berýär.

Geçen hepdede Çehiýada bu görkeziji 11,02-ä ýetdi. COVID-19 pandemiýasy başlaly bäri ol ýerde koronawirus bilen kesellemegiň 335 102 ýagdaýy ýüze çykaryldy. Ýokanç 3 251 adamyň ölümine sebäp boldy. Çehiýanyň ilaty bolsa 10,6 mln adama barabar.
Çehiýada soňky iki hepdede 1 722 adamyň ýogalandygy bellenilýär.
Antireýtingde onuň yzyndan bu görkeziji boýunça öň birinji orny eýelän Andorra, soňra Belgiýa, Ermenistan we Çernogoriýa gelýär. Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, dünýäde pandemiýa başlaly bäri 45,5 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi, 1,18 mln adam ýogaldy. Çehiýa kesellänleriň umumy sany boýunça dünýäde 27-nji orunda ýerleşýär we Ýewropada 9-njy orny eýeleýär. Ýewropa ýurtlaryndan pandemiýa başlaly bäri koronawirus ýagdaýy, esasan, Fransiýada (1,4 mln) we Ispaniýada (1,1 mln) ýüze çykaryldy.
Belläp geçsek, keseliň güýzki ösüşi bilen baglylykda Çehiýanyň häkimiýetleri 5-nji oktýabrdan adatdan daşary ýagdaý režimini girizdiler.

20.06.2026 14:57
6.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....