Izmirdäki ýer titremesinde pidalaryň sany 107-ä ýetdi

  • 03.11.2020 17:08
  • 14k+

Türkiýäniň Izmir welaýatynda bolup geçen ýer titremesinde pida bolanlaryň sany 107-ä ýetdi. Bu barada Türkiýedäki adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar baradaky soňky maglumatlara salgylanyp, Hurriýet habar berdi. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

Ýer titremesiniň netijesinde, müňden gowrak adam ýaralandy, häzirki wagtda olaryň 144-si dürli keselhanalarda lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýar. Izmirdäki bäş sany binanyň ýerinde weýrançylygyň yzyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Ýatlatsak, 30-njy oktýabrda Egeý deňzinde 7 ball ululykda ýer titremesi boldy. Ýer titremesiniň merkezi Samosyň demirgazygynda, 10 km çuňlukda ýerleşýärdi. Onuň netijesinde, Izmir şäherinde birnäçe bina ýykyldy. Izmirde we Samos adasynda adamlar wepat boldy.
Şondan soň seýsmologlar 1464 ýer titremesini hasaba aldylar, olaryň 44-siniň ululygy 4 baldan geçdi diýip Anadolu habar agentligi belleýär.

şu gün 13:47
935

Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy

Sişenbe güni Ýamaýkanyň üstünden “Melissa” atly harasat geçip gitdi. Ol suw joşmalaryna we köpçülikleýin elektrik kesilmelerine sebäp boldy. "Melissa" bu ada döwletiniň taryhynda iň güýçli harasat boldy. ABŞ-nyň Harasat gözegçilik Milli merkeziniň (NHC) maglumatlaryna görä, 29-njy oktýabrda irden harasat Kubanyň kenaryna ýetdi...

24.10.2025 16:48
7.8k+

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar peýda boldy

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar ýüze çykaryldy. Häzire çenli ýurt dünýäde olardan azat bolan iki ýeriň biri hasaplanýardy – indi ýeke-täk şeýle ýer Antarktida bolup galdy. Ilkinji çybynlar Reýkýawikden günorta-günbatarda Kýos buzluk jülgesinde göründi...

24.10.2025 16:46
5.4k+

Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi

Täze Zelandiýada üç fotosuratçy seýrek tebigy hadysany – “gyzyl spraýt” ýyldyrymyny surata düşürdi. Gyrmyzy reňkli öwüşginler adanyň asmanynda 11-nji oktýabrda peýda boldy diýip, The Guardian habar berýär. Fotosuratçy Tom Reý ispaniýaly kärdeşleri Dan Zafra we Hose Kantabrana bilen bilelikde Omaramanyň toýun gaýalarynyň üstünde Akmaýanyň ýoluny surata düşürmegi meýilleşdiripdi...

22.10.2025 21:41
4.9k+

Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy

Fransiýada ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Langr şäherinde “Deni Didronyň magaryf öýi” muzeýi talandy. Bu waka barada France Info habar berýär. 20-nji oktýabrda irden işe gelen muzeý işgärleri giriş gapysynyň we altyn hem kümüş teňňeli witrinalaryň döwlendigini gördi...