Britan şazadasy Uilýam koronawirus bilen keselledi

  • 03.11.2020 17:00
  • 6.6k+

Şu ýazda koronawirus pandemiýasynyň möwç alan döwründe şazada Uilýam kakasy Çarlz ýaly COVID-19 bilen keselledi diýip, kp.ru habar berýär.

Uels şazadasy koronawirus üçin barlagdan položitel netije alandan soň, şa maşgalasynyň ähli agzalary barlagdan geçirildi. Şazada Uilýamyň netijesi hem oňyn boldy. Ýöne jemgyýeti gorkuzmazlyk üçin şa maşgalasynyň agzasynyň keseli köpçülige ýetirilmedi. Apreliň ilkinji günlerinde şa maşgalasynyň agzalary ähli meseleleri diňe telefon we Internet arkaly çözdüler.

- Edilmeli has möhüm işler bar, şonuň üçin biz hiç kimi alada goýmak islemedik – diýip, şazada Uilýam habar berdi.

KHBS-iň maglumatlary boýunça, ahyrynda kesel agyr görnüşe geçdi. Belli bir wagt şazada Uilýam dem almakda kynçylyk çekdi, bu onuň ýakynlaryny hem alada goýdy.
Soňrak şa maşgalasynyň agzasyna Norfolkda Anmer Holl öýünde özbaşyna üzňelikde seredildi. Oňa köşk lukmanlary gözegçilik etdi.
Ýatlap geçsek, 25-nji martda britan tagtynyň mirasdüşeri şazada Çarlz koronawirus üçin barlagynyň položitel netije berendigini habar berdi. 27-nji martda Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson koronawirus bilen keselländigini habar berdi.

20.06.2026 14:57
7k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....