UFC-niň eks-çempiony Anderson Silwa karýerasyny tamamlady

  • 02.11.2020 23:08
  • 14k+

MMA-nyň braziliýaly söweşijisi Anderson Silwa karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada sport24.ru habar berýär.

Ýekşenbe güni 45 ýaşly türgen UFC Vegas 12 turnirinde ýamaýkaly söweşiji Ýuraý Holldan ýeňildi. Emin Silwany tehniki nokaut diýip hasap edenden soň, söweş dördünji raundda tamamlandy.

“Bu gün ýönekeý bir sebäp bilen aýratyn gün – men bütin ömrümi bagyş eden sportumdan gidýärin. Hawa, men ýeňildim. Ýöne men ähli zatlary ölçäp, täzeden oýlananymdan soň özümi hakykatdan bagtly duýdum. Köp ýyllaryň dowamynda meni goldandygyňyz üçin ähliňize minnetdarlyk bildiresim gelýär. Şeýle-de, söweşmäge mümkinçilik beren Allatagalla minnetdar.
Men kynçylyklary, päsgelçilikleri we şübheleri ýeňip geçip biljekdigiňize görelde bolup, siziň ýadyňyzda we ýüregiňizde galaryn diýip umyt edýärin. Hernäçe kyn bolsa-da, ýüz öwürmek hakynda hiç haçan pikir etmäň. Men sizi söýýärin we hormatlaýaryn” – diýip, Silwa özüniň instagramynda ýazdy.

Özüniň karýerasynda Silwa bir gezek orta agramda UFC-niň çempiony boldy we bu tituly on gezek üstünlikli gorady. Bäş gezek “Agşamyň iň gowy söweşi” baýragynyň eýesi boldy. Silwanyň hasabynda 45 söweş bolup, olardan 34-si ýeňiş bilen tamamlandy (23 – nokaut bilen).

düýn 22:55
1k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....