Makgregor UFC-niň ýeňil diwizionyna dolanýandygyny mälim etdi

  • 01.11.2020 17:00
  • 20k+

Garyşyk stiliň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor karýerasyny Absolýut göreş çempionatynda (UFC) ýeňil agramlylaryň diwizionynda dowam etdirjekdigini mälim etdi diýip, russian.rt.com habar berýär.

“Şu wagt McGregor FAST barlaghanasyndan geldim. Bedeni doly gözden geçirmek işi tamamlandy, onuň netijeleri hem geldi – ýeňil diwizion ugrunda” – diýip, Makgregor özüniň Twitterinde ýazdy.

Ýatlap geçsek, Makgregor 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Porýe bilen söweşjekdigini yglan edipdi. Neşir edilen posterde UFC guramasy barada hiç zat aýdylmady. Şondan soň Porýe UFC-niň howandarlygynda Makgregor bilen söweşmäge razy bolandygyny habar berdi. Makgregor hem guramanyň teklibi bilen razylaşdy.
Öň, Konoryň tälimçisi Jon Kawana Makgregoryň Dastin Porýe bilen söweşiniň 77 kilogramda geçjekdigini aýtdy. Soň UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt bu maglumaty ret etdi.
Soňky gezek Makgregor oktagona 2020-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda çykdy. Şonda ol Donald Serronäni birinji raundda nokauta gidirdi. Irlandiýalynyň hasabynda 22 ýeňiş we dört ýeňliş bar.

şu gün 16:19
2.2k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

şu gün 16:15
3.3k+

UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik......

şu gün 15:40
2.5k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

şu gün 12:31
4.7k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......