Türkiýäniň günbataryndaky ýer titreme weýrançylyga getirdi

  • 31.10.2020 19:17
  • 17k+

Türkiýäniň günbatar kenarynda 6,6 bal ululykda güýçli ýer titremesi boldy diýip, Anadolu agentligi Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklar boýunça edara (AFAD) salgylanmak bilen habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Ýer titremesinden soň hem 4,1-den 4,8 bala çenli ululykda birnäçe ýer sarsgynlary hasaba alyndy.
Ýer titremesi Izmir welaýatynda öýleriň ýumrulmagyna we zaýalanmagyna getirdi, Bornowa we Baýrakly etraplary güýçli zyýan çekdi. Izmir şäher häkimliginiň başlygy Tunça Soýeriň aýtmagyna görä, azyndan 20 bina weýran boldy. Halasgärler 28 adamyň ýogalandygyny we 885 adamyň zyýan çekendigini habar berdiler.
Bu tebigy hadysa günbatar kenarýakadaky Seferihisar şäherinde kiçiräk sunaminiň döremegine hem sebäp boldy. Köçeleri 1 m ýokary galan suw basdy.
Aýdynda, Muglada, Manisada, Denizlide, Çanakkalede we beýleki ýakyn welaýatlarda hem ýer sarsgynlary duýuldy.
Ýer titremesiniň ululygyny 7,0 bal diýip çaklaýan ABŞ-nyň Geologik gullugynyň (USGS) maglumatlary boýunça, ýer sarsgynynyň merkezi ojagy Egeý deňzinde 10 km çuňlukda ýerleşýär. Şeýle tebigy hadysa Gresiýada hem hasaba alyndy, ýerli seýsmologlar onuň ululygyny 6,9 bal diýip çakladylar. Onuň netijesinde 12 adamyň ýogalandygy, 400-den gowrak adamyň zyýan çekendigi habar berildi.

16.03.2026 19:31
4.5k+

Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

16.03.2026 16:46
7.6k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

15.03.2026 16:30
7.7k+

Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar...

12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...