Iň gowy «Jeýms Bond» aradan çykdy

  • 31.10.2020 23:11
  • 23k+

Agent Jeýms Bonduň roly bilen dünýä meşhurlygyna eýe bolan britaniýaly aktýor Şon Konneri 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada aktýoryň maşgalasyna salgylanmak bilen Bi-bi-si habar berýär.

Onuň aradan çykmagynyň sebäbi anyklaşdyrylanok.
Ýöne ogly Konneriniň ýatyrka aradan çykandygyny, ölmezinden öň onuň birnäçe wagtlap syrkaw bolandygyny aýtdy.
2003-nji ýylda artist ýarym asyrlyk karýerasyny tamamlady. 2009-njy ýylyň oktýabrynda “Wine Spectator” amerikan žurnaly bilen söhbetdeşlikde artist ýürek bozulmasynyň bardygyny aýtdy.
Aktýor 1930-njy ýylda Edinburgda dogulýar. Ol 1958-nji ýylda ilkinji gezek uly ekranda çykyş edýär, ýöne 1962-nji ýylda 007 agenti – Jeýms Bond barada kinolentanyň başlangyjyny goýan “Lukman No” filmi çykandan soň meşhur bolup başlaýar. Konneriniň meşhur işleriniň arasynda “Gyzyl Oktýabryň awlagynda” (1990), “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” (1989) we beýlekiler bar. 1988-nji ýylda Konneri “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de, iki gezek BAFTA baýragynyň eýesi we üç gezek “Altyn globusyň” eýesi boldy. 2000-nji ýylyň iýulynda Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II Konnerä rysarlyk derejesini berdi.

26.04.2026 15:51
8.4k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.8k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....