Türkmenistan ýurda girip-çykmagyň we halkara ulag gatnawlarynyň çäklendirmeleriniň möhletini uzaltdy

  • 31.10.2020 06:06
  • 36k+

Türkmenistan ýurduň raýatlary, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan döwlet serhedinden geçmegiň wagtlaýyn çäklendirmelerini, şeýle hem aýratyn kabul edilen çözgütlerden başga ýagdaýlarda halkara howa, deňiz, demir ýol we awtoulag ýoly boýunça aragatnaşygyň çäklendirilmegini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy diýip ORIENT agentligi habar berýär.

Bu çäreler ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen görüldi. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik hyzmatlary pudagynda dellekhanalaryň we tikinçilik atelýeleriniň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, bu desgalara berlen iş rugsady 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Dellekhanalar we tikinçilik atelýeleri häzirki sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek bilen, sagat 09:00-dan 20:00-a çenli iş tertibinde işläp bilerler.

20.06.2026 14:57
6.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....