Dünýäde altyna bolan isleg 2009-njy ýyldan bäri iň pes derejä geldi

  • 30.10.2020 15:24
  • 13k+

Şu ýylyň üçünji çärýeginde dowam edýän koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde altyna bolan umumy isleg on ýyl mundan ozalky çärýekdäki iň pes derejesine düşdi. Bu barada interessant.ru habar berýär.

Bütindünýä altyn geňeşiniň (WGC) hasabatyna görä, pese gaçyş 19 göterime, ýagny 892 tonna çenli barabar boldy.

“Bu 2009-njy ýylyň üçünji çärýeginden bäri iň pes çärýek görkezijisi” – diýlip, resminamada aýdylýar. Degişli döwür üçin bazarda altyn üpjünçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3% peseldi.

Aýratynam, analitikler tutuş dünýäde altyn-kümüş bezeglerine gyzyklanmanyň gowşandygyny belleýärler, ýyllyk görkezijilerine görä bezeg şaý-seplerine bolan isleg 29 göterim – 333 tonna çenli pese gaçdy.
Ýylyň başyndan bäri bu gymmat bahaly metala umumy isleg 2,97 müň tonna barabar boldy, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim azdyr. Şol bir wagtyň özünde altyna maýa goýum islegi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20%-den gowrak ýokarlandy diýip, WGC belleýär. Ýagny, tutuş dünýäde maýa goýujylar 222,1 tonna altyn tokgalaryny we teňňe (geçen ýyl bilen deňeşdirilende +49%) satyn aldylar, iň uly ösüş günbatar bazarlarynda, Hytaýda we Türkiýede boldy.

20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....