30 ýurtdan 100 nebit-gaz kompaniýasy Aşgabat bilen gepleşiklere goşuldy

  • 28.10.2020 23:14
  • 6.1k+

Ýüze çykýan global kynçylyklar we çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, nebit-gaz pudagynda gün tertibiniň esasy maksady sanly özgertmelere we täze tehnologiýalary ösdürmäge, pul-haryt dolanyşygy we maýa goýumlaryny çekmäge, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamaga gönükdirilendir.

Bular 28-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat tarapyndan guralan "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara forumynda serediljek meselelerdir. Foruma Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 30 ýurtdan 100-den gowrak öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýasy, iri halkara guramalar we maliýe institutlary, bilermenler we seljerijiler onlaýn hem-de oflaýn tertipde gatnaşýarlar.
Gatnaşyjylar türkmen we dünýä nebit-gaz pudagynyň derwaýys meselelerini, milli we global energetikadaky soňky tendensiýalary ara alyp maslahatlaşýarlar, meseleleriň netijeli çözgütlerini tapmak üçin bilelikde işleýärler.
Forumyň wezipesi açyk, resmi däl we önjeýli gepleşik arkaly nebit-gaz pudagynyň "oýunçylarynyň" arasynda has gowy özara düşünişmegi ösdürmekden ybarat.
Bu duşuşyk Türkmenistan üçin döwlet işgärleriniň we dünýä işewürleriniň wekilleriniň ýakyn geljek üçin energiýa strategiýasyny, şol sanda "ýaşyl" ykdysadyýete tarap hereketiň ugruny kesgitlemäge kömek eder.
Galyberse-de, hut gaz gaýtadan dikeldilýän energiýa üçin möhüm çeşme berip biler, sebäbi onuň öndürilişi ýeliň öwüsmegine ýa-da Günüň şöhle saçmagyna bagly däl. Üstesine, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde zerur bolan dekarbonizasiýa (kömürturşy gazynyň zyňyndylaryndan arassalamak) maksatlaryna ýetmäge hem kömek edýär.
Gaz geljekdäki energiýa gorunyň esasy binýadyna öwrülermi ýa-da täzelenip bilýän energiýa çeşmelerine geçiş köprüsi bolarmy - muny wagt görkezer. Häzirlikçe bolsa, nebit-gaz pudagy maýadarlar we işewürler üçin özüne çekiji bazar bolmagynda galýar.

20.06.2026 11:54
5k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......