Milliarderler hem ýitgi çekýär

  • 28.10.2020 14:04
  • 13k+

Dünýäniň iň baý on adamynyň baýlygy 26-njy oktýabra görä, $14,4 mlrd azaldy. Muny Bloomberg agentligi tarapyndan alnyp barylýan Bloomberg Billionaires Index-iň (BBI) maglumatlary delillendirýär diýip, gazeta.ru habar berýär.

26-njy oktýabrdaky bazaryň jemi boýunça, BBI reýtinginiň onlugyndan diňe iki milliardere baýlygyny artdyrmak başartdy, ýagny Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask baýlygyny $2,88 mlrd artdyryp, reýtingiň dördünji ornunda ýerleşdi, Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolsa $263 mln gazandy, ol reýtingiň lideri bolmagynda galýar.
Forbes Real-Time-iň maglumatlary boýunça, on milliarderiň umumy baýlygy bir günde $17 milliarddan gowrak azaldy, diňe Jeff Bezos baýlygy azalmadyk ilkinji onlukdan ýeke-täk telekeçi boldy. “Forbes” neşiriniň maglumatlary boýunça, Ilon Mask $66 mln ýitirdi.
Reýtingiň onlugyna, esasan, amerikalylar girýär, diňe iki orny Hindistanyň we Fransiýanyň wekilleri eýeleýär. Olar Reliance Industries kompaniýasynyň eýesi Mukeş Ambani we Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arnodyr.
Dünýäniň iň baý on adamynyň baýlygynyň pese düşmeginiň esasy sebäbi amerikan fond bazarlarynyň duşenbe günündäki söwdasy bilen baglanyşyklydyr. Dow Jonesyň indeksi 2,3% pese gaçdy, bu üstümizdäki ýylyň 3-nji sentýabryndan bäri bir söwda tapgyrynda iň güýçli pese gaçyş boldy. S&P 500 amerikan indeksi hem 1,9%-ni ýitirip, bir aýyň içinde iň uly pese gaçyşy görkezdi. Nasdaq-yň indeksi 1,6% peseldi.

şu gün 12:01
1.1k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

düýn 13:03
2.7k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.3k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......