Serhio Ramos futbol taryhynyň iň gowy goragçysy

  • 27.10.2020 08:14
  • 9.7k+

“France Football” fransuz neşiri özüniň okyjylaryna “Madridiň “Realynyň” kapitany Serhio Ramosy taryhda iň gowy goragçy hasap edýärsiňizmi?” diýen sorag bilen ýüzlendi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Ses berenleriň 67%-i bu soraga tassyklaýjy jogap berdiler. Ramosyň özi hem bu pikir soraşmadan çetde durmady.
“France Football-yň şeýle sorag bermegi meni buýsandyrýar” – diýip, futbolçy özüniň Twitterinde ýazdy.
Ramos goragçylaryň arasynda Premýeranyň tutuş taryhynyň iň gowy bombardiri hasaplanylýar, onuň hasabynda 100 gol bar. Ramos “Sewilýanyň” ýetişdiren oýunçysy. 2005-nji ýylda ol Madridiň “Realyna” geçdi we häzir hem şonda çykyş edýär. 34 ýaşly futbolçy “Real” bilen bilelikde 22 titula eýe boldy. Mundan başga-da, Ramos dünýä çempiony we Ispaniýanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde iki gezek Ýewropa çempiony boldy.
Ýeri gelende bellesek, “France Football” Ramosy futbolyň tutuş taryhyndaky simwoliki topara girmek üçin dalaşgärleriň sanawyna goşdy. Ýakynda Ramos El-Klassikoda özüniň hasabyna bir gol ýazdy, şol gezek “Real” “Barselonany” 3:1 hasaby bilen utdy. Häzir “Real” Ispaniýanyň çempionatynda alty oýunda 13 utuk gazanyp, ikinji orunda barýar.

şu gün 02:45
53

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

düýn 15:00
5.5k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

düýn 11:00
4.4k+

Dýökereş özüniň goluny dabara edişini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi....

03.04.2026 23:31
1.7k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....