Türkmenistan we BAE söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar

  • 22.10.2020 16:59
  • 3.4k+

Düýn Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini belläp geçmek bilen, ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Häzirki döwrüň howplary we wehimleri barada gürrüň edilende, taraplar global pandemiýa garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler. Ministrler pandemiýanyň dünýä derejesindäki durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek boýunça geljekki ädimler barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýän “EXPO-2020” Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar “ýaşyl ykdysadyýetiň” wajyplygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentligiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.
Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

şu gün 07:34
15

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

düýn 13:30
5k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

düýn 13:10
5.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
7.4k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......