Türkmenistan RF-iň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk dikuçarlaryny alar

  • 21.10.2020 23:25
  • 10k+

Geljekde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk ulgamyna degişli dikuçarlary almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynyň barşynda habar berdi.

Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermek we nusgalyklary barlaghana alyp gitmek üçin ýurdumyzdaky gözegçilik-geçiriş nokatlarynda dikuçarlaryň nobatçylygy ýola goýuldy.

şu gün 00:03
2.8k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.8k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
808

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.5k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......