Gazagystan türkmen smart telewizorlary bilen gyzyklanýar

  • 21.10.2020 23:15
  • 15k+

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Erkebulan Sapiýew ýurdumyzda öňdebaryjy elektronika öndürijisi bolan Aşgabatdaky «Aýdyň gijeler» kärhanasyna baryp gördi.

Gazagystanyň ilçihanasynyň resmi web sahypasynyň habaryna görä, taraplar «Aýdyň gijeleriň» önümlerini Gazagystanyň bazaryna ibermek meselesine seredip geçdiler. Şeýle hem Gazagystanda önümçilik desgasyny açmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Aýdyň gijeleriň” baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanow kärhananyň taryhy, önümçilik kuwwaty we önümiň gurnalyş tapgyrlary barada jikme-jik gürrüň berdi, geljekde meýilleşdirýän işleri hakynda aýtdy.
Önümçilik Aşgabadyň öňki "Türkmenkabel" zawodynyň çäginde ýola goýuldy. Önümçiligi ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak üçin ep-esli serişde gönükdirildi. Zawodyň çäginde ussahanalaryň we bölümleriň düýpgöter durkuny täzelemek işleri geçirildi, gurnama liniýalary oturdyldy, sanitariýa zolaklary, elektron böleklerini ýygnamak üçin arassa otag we beýleki ýerler enjamlaşdyryldy.
Saparyň dowamynda gazagystanly diplomat telewizorlaryň “Smart TV” platformasy we içerki IP týuner bilen ýygnalyş prosesi bilen tanyşdy. Ýakyn geljekde sarp edijilere LCD ekranly we 4K UltraHD durulykly üç modeliň: ekrany 32 we 42 dýuým diagonally “Tolkun”, şeýle hem 55 dýuým diagonally “Zemin” modelleriniň hödürlenjekdigi bellenildi.

şu gün 00:03
2.8k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.8k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
808

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.5k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......