Mejlisde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 21.10.2020 13:04
  • 2.7k+

Düýn Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen duşuşyk geçirildi.
Ýatladyp geçsek, ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşylypdy.

Mejlisde geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistan öz tarapyndan hindi kompaniýalaryna maýa goýum taslamalaryny amala aşyranda, zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalyk, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly ugurlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine seretmäge çagyrdy.

şu gün 00:03
2.8k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.8k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
808

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.5k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......