Halkara kosmos stansiýasynda kislorod alyş ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy

  • 20.10.2020 18:00
  • 12k+

Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) rus segmentinde "Elektron-WM" kislorod alyş ulgamynyň suwy gutardy diýip, häzirki wagtda stansiýada ýerleşýän kosmonawt Anatoliý Iwanişin habar berdi. Muny INTERFAX ýetirýär.

Iwanişin NASA tarapyndan alnyp görkezilýän Uçuşlary dolandyryş merkezi (UDM) bilen geçirilen gepleşiklerde "Suw baklary boşady. Bize täzeleri gerek" -diýdi.
Suw baklary EDV-RP "Elektron-WM" kislorod alyş ulgamynda ulanylýar. Stansiýasyň ekipažy bu ulgamda ýüze çykan näsazlyklar barada habar beripdi.
Ondan öň, duşenbe güni Iwanişin, HKS-iň rus segmentinde hajathana bilen baglanyşykly meseleler barada habar beripdi. UDM-iň hünärmenleriniň pikiriçe, lagym we sanitariýa enjamlarynda köpürjik emele gelip biler. Ýerdäki hünärmenler ýagdaýa "juda ýaramaz" diýip baha berýärler.
15-nji oktýabrda Roskosmos “Elektronyň” öçürilýändigi barada habar berdi. Döwlet korporasiýasynyň habaryna görä, 17-nji oktýabrda ulgamyň işleýşi doly dikeldildi.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......