Getji: Habibden üstün çykanymda, onuň müňlerçe janköýerleri aglar

  • 20.10.2020 12:40
  • 25k+

Garyşyk stiliň amerikaly söweşijisi Jastin Getji UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen duşuşygyň öň ýanynda rus türgeniniň janköýerleri baradaky pikirini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, megerem, ol Habibiň janköýerlerini aglatsa gerek. Bu barada life.ru belläp geçýär.

- Onuň janköýerleri barada bir zady bilýärin: olar Ýer ýüzündäki iň agras ýigitler, ýöne olary aglatmak örän aňsat: Habibi ýere ýatyranymda, onuň müňlerçe muşdagy aglar” – diýip, ol aýdýar.

Özüniň muşdaklary barada gürrüň etmek bilen, amerikaly söweşiji “höwesjeň ýaly görünmejekdigine” we söweşde Nurmagomedow üçin “hakyky howpy” döretjekdigine wada berýär.

- 24-nji oktýabrda garşydaşyma hakyky howpy görkezjekdigime we onuň bu söweşiň bir parçasy boljakdygyna janköýerlerime söz berýärin. 25 minutyň içinde Habib howp astynda bolar” – diýip, ol belleýär.

Şunuň bilen birlikde, ol söweşden öň Habibiň geçenki söweşlerini öwrenmändigini hem ýaňzytdy.

“Men hiç kime aňymy dolandyrmaga mümkinçilik bermeýärin. Onuň söweşlerini hem ýörite synlamadym, gaýtadan görjek bolmadym. Diňe bolup geçen wagtynda görenlerim, sebäbi men bu ýaryşyň we sportuň muşdagy. Umuman aýdanyňda, Nurmagomedowyň söweşlerini öwrenmek meniň türgenleşigimiň bir bölegi däl” – diýip, “Izwestiýa” Getjiniň sözlerini getirýär.

Nurmagomedow üçin bu üçünji titul goragy bolar. 32 ýaşly rus söweşijisi 2018-nji ýylyň aprelinde El Ýakwintany ýeňip, UFC-niň çempion guşagyna eýe boldy. Şondan soň tituly iki gezek üstünlikli gorady. 31 ýaşly Getji 2020-nji ýylyň maýynda Toni Fergýusony ýeňenden soň, wagtlaýyn çempion we guşaga dalaşgär boldy.

şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 22:55
4.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
4.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......