SpaceX kompaniýasy Starlink hemralarynyň täze tapgyryny üstünlikli uçurdy

  • 19.10.2020 19:27
  • 3k+

Birnäçe şowsuz synanyşykdan soň, SpaceX kompaniýasy ýekşenbe güni Starlink hemralarynyň 14-nji tapgyryny Ýeriň orbitasyna üstünlikli uçurdy. Bu barada 21mm.ru habar berýär. Bortunda 60 sany orbital aragatnaşyk hemralary bolan Falcon 9 raketasy Floridanyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan uçuryldy. Şondan soň SpaceX raketanyň birinji basgançagynyň Atlantik ummanyndaky ýüzýän platforma üstünlikli gonandygyny habar berdi.

Starlink tory Ýeriň orbitasynda agramy 500 kg çenli bolan köp sanly kiçi enjamlary ýerleşdirmegiň hasabyna internete elýeterliligi üpjün etmäge niýetlenilendir. SpaceX-iň hasaby boýunça, orbitada jemi 11 müň hemrany ýerleşdirmek mümkin we olary ulanyşa girizmek üçin 10 mlrd dollar gerek.
Ilkinji 60 hemra 2019-njy ýylyň maýynda kosmosa çykaryldy, şol ýylyň noýabrynda hem orbita Starlink enjamlarynyň ikinji tapgyry iberildi. Hemralaryň 13-nji tapgyry oktýabryň başynda uçuryldy. Starlink-iň 60 ulgam hemrasyndan ybarat bolan indiki tapgyry 21-nji oktýabra meýilleşdirilen.
Üstünlikli uçuryşlaryň netijesinde, Ýeriň orbitasyndaky hemralaryň umumy sany 833-e ýetdi. Geljekde olaryň sanyny 12-42 müň töweregine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

düýn 13:27
12k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
8.2k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....