Kriştianu Ronaldu Nurmagomedow – Getji söweşi barada pikirini aýtdy

  • 18.10.2020 17:05
  • 25k+

“Ýuwentusyň” we Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu özüniň instagram hasabyndan göni ýaýlymyň dowamynda Habib Nurmagomedow bilen Jastin Getjiniň arasynda boljak söweş barada pikirini aýtdy. Bu barada sovsport.ru habar berýär.

“Kim ýeňer? Elbetde, meniň doganym Habib!” – diýip, Ronaldu öz abunaçysynyň 24-nji oktýabrda Abu-Dabide “Söweş adasynda” geçiriljek duşuşygyň netijesi hakdaky soragyna jogap berdi.

Kriştianu Ronaldu Madridiň «Real» toparynda oýnaýan wagtyndan bäri Habib bilen dostlukly gatnaşygyny saklaýar. Habibiň özi hem oýunlardan soňra birek-birek bilen habarlaşýandyklaryny, pikir alyşýandyklaryny we gowy gatnaşyk saklaýandyklaryny aýdýar.
Nurmagomedow bilen Getjiniň söweşi 24-nji oktýabrda bolar, ol UFC 254 turniriniň çäginde geçiriler. Habib ýeňil agramda çempion guşagyny goramak üçin çykar.
Ilkibaşda söweş Abu-Dabide sentýabr aýynda geçmelidi, ýöne iýulyň başynda Habibiň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykmagy sebäpli, söweş yza süýşürildi.

şu gün 15:45
272

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

şu gün 15:11
1.1k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

şu gün 13:12
2.6k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

düýn 21:05
4.8k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......