Geýts gyşda koronawirus ýagdaýynyň ýaramazlaşjakdygyny duýdurdy

  • 17.10.2020 10:00
  • 15k+

Sowuk howanyň gelmegi bilen dünýädäki epidemiologiki ýagdaý has ýaramazlaşyp biler. Bu barada Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy, milliarder we haýyr-sahawatçy Bill Geýts “Politico” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Muny rbc.ru ýetirýär.

“Keselleýänleriň sany barha köpelýär, sowuk howanyň gelmegi bilen adamlar hem, esasan, içerde bolýarlar. Bu wirusyň ýokaşmak mümkinçiligini artdyrýar” – diýip, milliarder düşündirýär.

Geýtsiň aýtmagyna görä, ABŞ-da COVID-19-a garşy sanjym taýýar bolýança, koronawirusyň ýaýramazlygyna diňe sanitar çärelerini berjaý etmek bilen kömek edip bolar: köpçülikleýin çärelere gatnaşmazlyk, örtük dakynmak, elleri yzygiderli ýuwmak we sosial araçägi saklamak.
Mundan öň, milliarder diňe koronawirus ýokanjyna garşy elýeterli we ýokary täsirli sanjym bolan halatynda, adamzadyň durmuşynyň kadaly ýagdaýa gelip biljekdigini aýdypdy.
Pandemiýa başlaly bäri, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlary boýunça, tutuş dünýäde 38 milliondan gowrak adamda koronawirus ýagdaýy ýüze çykaryldy. Bir milliondan gowrak adam bu ýokanç zerarly ýogaldy. Has agyr ýagdaýlar ABŞ-da, Hindistanda we Braziliýada hasaba alyndy.

şu gün 18:53
1.4k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

şu gün 09:31
4.2k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......