Türkmenistanyň Marrakeş ylalaşygyna goşulmagy hakyndaky gural gowşuryldy

  • 16.10.2020 18:10
  • 8.6k+

Bütindünýä Intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) Ženewa şäherindäki merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen «Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbugat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna» (2013-nji ýyl) goşulmak hakynda guralyň BIEG-iň Baş direktory jenap Daren Tanga gowşuryş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi öz gezeginde jenap Daren Tangy golaýda Guramanyň Baş direktory wezipesine bellenilmegi (2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry) bilen gutlap, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belledi.
Hemişelik wekil Türkmenistanyň Parlamenti tarapyndan «Ýerine ýetirijileri, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberiş guramalaryň hukuklaryny goramak hakynda Rim Konwensiýasynyň» hem ratifisirlendigini we Türkmenistanyň Prezidentiniň Goşulmak hakyndaky degişli gurala gol çekendigini belläp geçdi hem-de degişli resminama ýakyn wagtda BMG-niň Baş sekretaryna gowşurylar, diýip aýtdy.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Parlamenti Marrakeş Ylalaşygyny 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda tassyklady.

şu gün 00:03
2.8k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.8k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
808

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.5k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......