Wenger Milletler ligasyny aýryp, Ýewropa we dünýä çempionatyny ýygy-ýygydan geçirmegi teklip etdi

  • 14.10.2020 14:55
  • 8.9k+

FIFA-nyň ösüş bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger Ýewropa we dünýä çempionatlaryny ýygy-ýygydan geçirmegi teklip edýär. Bu barada euro-football.ru habar berýär.

“Milletler ligasyny aýryp, hemmelere düşnükli bolan ýaryşlary tapmak gerek. Eger-de siz köçedäki adamlardan Milletler ligasynyň nämedigini sorasaňyz, bu soraga diňe az sanly adam jogap berip biler.
Mümkin boldugyça, ýaryşlary az geçirmeli. Iki ýyldan bir dünýä çempionatyny we bir Ýewropa çempionatyny geçirmek ýeterlik, bu häzirki zaman dünýäsi üçin hem laýyk bolar” – diýip, Wenger belleýär.

Milli toparlar üçin häzirki ýaryş ulgamyna laýyklykda, dünýä we Ýewropa çempionaty her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Şeýlelik bilen, ýewropa toparlarynyň köpüsiniň her iki ýyldan bir gezek uly çempionata gatnaşdygy bolýar.
Täze we täsin teklipleri bilen çykyş edýän Arsen Wenger “Nansi”, “Monako” futbol klublaryna we “Nagoýa Grampus” ýapon futbol klubyna tälim beripdi. Ol 1996-2018-nji ýyllar aralygynda Londonyň “Arsenal” toparynyň baş tälimçi boldy. Üç gezek çempion bolmagy başardy, ýedi gezek Angliýanyň Kubogyny gazandy we bir gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

düýn 21:05
2k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

düýn 17:37
2.5k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
3k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
5.9k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......