Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

  • 12.10.2020 23:01
  • 4.4k+

2020-nji ýylda ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Pol Milgrom bilen Robert Wilson boldy. Bu barada Nobel komiteti göni ýaýlymda mälim etdi. Muny lenta.ru habar berýär.

Baýrak auksion teoriýasynyň kämilleşdirilendigi we auksionlaryň täze görnüşiniň oýlanyp tapylandygy üçin berildi. Nobel komitetinde bellenilişi ýaly, auksionlar häzirki zaman ykdysadyýetinde örän möhüm bolup, adamlaryň durmuşyna gönüden-göni täsir edýär. Her gün auksionlar arkaly astronomiki mukdarda pul alyjylar bilen satyjylaryň arasynda paýlanýar.
Wilson bilen Milgrom öz işlerinde auksionlaryň nähili işleýändigini we söwda gatnaşyjylaryň näme üçin özüni belli bir görnüşde alyp barýandyklaryny düşündirdiler. Mundan başga-da, olar özleriniň nazary açyşlaryny radio ýygylyklar, suratlar, näbelli ätiýaçlyklary bolan mineral ýataklary ýaly adaty usulda satmak kyn bolan harytlary we hyzmatlary satmak üçin auksionlaryň düýbünden täze görnüşlerini döretmekde peýdalandylar.
Şeýle söwdalara gatnaşyjylaryň özüni alyp barşyny seljermek kyn, sebäbi olar bar bolan maglumatlara esaslanyp, strategiki hereket edýärler. Şeýle-de, olar bäsdeşleriň bilýän zatlaryny göz öňünde tutýarlar.
Robert Wilson şeýle auksionlarda paýhasly gatnaşyjylaryň bahany özleriniň çak edip bilşinden pes görkezýändiklerini subut etdi. Bu “ýeňijiniň näletinden”, ýagny aktiwiň bahasyny iň ýokary hasaplaýanyň söwdada ýeňiji bolup, soňundan has köp çykdajy edýän ýagdaýyndan gaçmak üçin edilýär.
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň resmi ady – Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň döwlet bankynyň ykdysady ylymlar boýunça baýragy. Şwesiýaly alym 1895-nji ýylda wesýetnama düzýär, ol ýerde ykdysadyýet barada hiç zat aýdylmaýar, 70 ýyldan gowrak wagt bäri baýrak lukmanlara, fiziklere, himiklere, ýazyjylara, şahyrlara we syýasatçylara berildi.

düýn 20:39
6.2k+

Şekeriň bahasynyň dünýä boýunça peselmegi bir ýurduň gant şugundyry pudagyny doly weýran etdi

Dünýä bazarynda şekeriň bahasynyň yzygiderli peselmegi we önümçilik çykdajylarynyň gymmatlamagy sebäpli, Çilide gant şugundyryny öndürmek tas 73 ýyldan soň bütinleý bes edilýär. Bu barada Reuters habar berdi....

düýn 10:33
2k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 15:38
2.6k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:38
2.4k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....