Ylym, bilim, saglygy goraýyş meseleleri boýunça täze wise-premýer bellenildi

  • 10.10.2020 00:15
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Mämmetmyrat Geldiniýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ministriniň iki sany orunbasaryny belledi. Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine Azat Ataýew bellenildi. Ondan öň, A.Ataýew Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işler boýuça prorektory wezipesinde işleýärdi.
Aleksandr Amanow bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

şu gün 11:00
13k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

18.07.2025 23:58
9.3k+

Lawa derýalary we iki kilometrlik jaýryklar: Islandiýada uly wulkan atylmasy bolup geçdi

16-njy iýulda Islandiýanyň günorta-günbataryndaky Reýkýanes ýarym adasynda Sundhnukur wulkany atyldy. Bu ýarym adada ozal 800 ýyllap ýatan wulkanlaryň 2021-nji ýyldan bäri 12-nji atylyşy boldy.  Ýokaryk böwsülip çykan lawa uly jaýrygy emele getirip, üç inedördül kilometrden gowrak ýere akdy...

16.07.2025 12:42
7.9k+

Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi

Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi...

16.07.2025 12:01
17k+

Ägirt uly aýsberg Grenlandiýanyň obasyna golaý ýüzüp bardy. Ol ýaşaýjylara howp salýar

Grenlandiýanyň günbatar kenaryndaky Innaarsuit obasynyň ýaşaýjylary ägirt uly aýsberg sebäpli ewakuasiýa edildi. Buz iki bölege bölündi we häzir balyk zawodyndan hem azyk dükanyndan birnäçe metr uzaklykda obanyň üstüne abanýar diýip, Bild ýazýar...