Türkmenistanda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 09.10.2020 18:01
  • 9.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Sambo Federasiýasynyň Prezidenti Wasiliý Şestakow bilen geçirilen onlaýn-duşuşykda ýurdumyzda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň DIM-niň metbugat-gullugynyň habar bermegine görä, türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda çempionatyň guramaçylyk meseleleri baradaky täze Şertnama boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de, dünýädäki global pandemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, taraplar Dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini utgaşdyrmak üçin Halkara Sambo Federasiýasynyň tehniki wekilleriniň Türkmenistana iş saparlaryny guramak meselelerine aýratyn üns çekdiler.
Mundan başga-da, taraplar sambo boýunça Dünýä çempionatyna türkmen türgenlerini taýýarlamak bilen baglanyşykly Iş meýilnamany durmuşa geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo Federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Söweş sungaty federasiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

düýn 21:05
2.5k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

düýn 17:37
2.8k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
3.3k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
6.6k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......