Türkmen-özbek söwda-ykdysady mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 08.10.2020 14:38
  • 7.2k+

Türkmenistan — Özbegistan işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Geňeşe iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary başlyklyk etdi. Taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin dürli ugurlarda ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, işewür duşuşyklaryň iki doganlyk halkyň bozulmaz dostluk, taryhy-medeni we ruhy umumylyklaryna esaslanýan däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Wideoduşuşyga gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, dokma, gurluşyk hem-de himiýa, elektron senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, aragatnaşyk, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly pudaklarda işewür gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy nygtaldy.
Bu ugurda logistika ulgamyna möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwlet ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjyny goldaýar. Özbegistan «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlar halkara üstaşyr geçelgeleriniň ugurlaryny artdyrar.
Mejlise gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistan — Özbegistan işewür geňeşiniň işiniň özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

şu gün 12:31
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 10:26
379

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

şu gün 09:55
474

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
670

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......