Türkmenistan immunobiologik serişdeleri satyn almagy maliýeleşdirmegi iki esse köpeltdi

  • 07.10.2020 01:02
  • 10k+

«ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek barada Ähtnamanyň» çäklerinde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa üçin enjamlary satyn almagy amala aşyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän immunobiologik serişdeleri satyn almak üçin maliýe serişdeleri iki esse köpeldildi. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň habarynda aýdylýar.

«Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda, jemi 14 sany kesellere garşy, ýagny wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielide, gökbogma, difteriýa, bürmä, gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma kesellerine, gemofil ýokanjynyň B görnüşine, adamyň papilloma wirusyna, rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar arkaly öňüni alyş sanjymlary geçirilýär» diýlip habarda bellenilýär.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda ýokarda agzalan waksinalar arkaly öňüni alyp bolýan ýokanç keseller babatynda öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejesi (95 göterimden gowrak) netijesinde epidemiologiýa abadançylygy üpjün edilýär.
Şu ýyl hereket edýän bäş ýyllyk maliýeleşdiriş döwrüniň möhleti tamamlanýar, şoňa görä-de, ýurdumyz 2016 — 2020-nji ýyllar aralygynda, ÝUNISEF bilen döwlet maliýe serişdeleriniň hasabyna yzygiderli sanjym serişdelerini, bir gezek ulanylýan şprisleri we howpsuzlyk gutularyny satyn alýar.

11.05.2026 23:10
2.7k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.9k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....