Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy gepatit C wirusynyň açyşy üçin berildi

  • 05.10.2020 23:07
  • 9.3k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy şu ýyl gepatit C wirusynyň tapylandygy we bu ugurdaky derňew işler üçin amerikan alymlary Harwi Alýere we Çarlz Raýsa, şeýle-de britan wirusology Maýkl Houtona berildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Taryhda ilkinji gezek gepatit C wirusyny bejermek mümkin. Lukmançylyk baýragynyň eýeleriniň açyşlary hroniki gepatit keseliniň galan ýagdaýlarynyň sebäbini kesgitledi we millionlarça adamyň ömrüni halas eden gan synaglaryny geçirmegi we täze dermanlary ulanmagy mümkin etdi” – diýip, Karolinska lukmançylyk institutynyň Nobel komitetiniň wekilleri gürrüň berdiler.

Nobel hepdeligi, hemişe bolşy ýaly, Stokgolmda fiziologiýa ýa-da lukmançylyk pudagynda baýrak alanlaryň yglan edilmegi bilen başlaýar. Fizika boýunça nobeliatlaryň atlary ertir, himiýa boýunça – çarşenbe güni yglan ediler. Penşenbe güni edebiýat boýunça baýragy, anna güni – parahatçylyk baýragyny, duşenbe güni, 12-nji oktýabrda – 1969-njy ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan döredilen ykdysadyýet boýunça Alfred Nobel baýragyny kimiň alandygy mälim ediler.
COVID-19 pandemiýasy sebäpli, Stokgolmda däp bolan baýrak gowşurylyş dabarasy banketler ýaly ýatyryldy. Munuň ýerine şäher häkimliginden göni ýaýlym we laureatlar bilen onlaýn-birikme (olar öz uniwersitetinde ýa-da Şwesiýanyň ilçihanasynda bolar) alnyp barylar, onuň dowamynda olara diplomlar we medallar gowşurylar. Bu ýyl her bir Nobel baýragynyň mukdary on million şwed kronyna çenli (million dollar töweregi) ýokarlandyryldy.
Nobel baýragy ajaýyp ylmy derňewler, rewolýusion oýlap tapyşlar ýa-da medeniýetiň, jemgyýetiň ösüşine goşulan goşantlar üçin berilýär. Olar esaslandyryjysy, şwed himiýa inženeri, oýlap tapyjy we senagatçy Alfred Nobeliň adyny göterýärler.

düýn 12:08
5.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......