Türkmenistan Ukrainada galan raýatlaryny getirmek üçin ýörite uçar iberer

  • 05.10.2020 23:49
  • 14k+

10-njy oktýabrda meýilleşdirilýän “Türkmenhowaýollarynyň" Kiýewden Türkmenabat şäherine çarter uçuşy koronawirus pandemiýasy zerarly Ukrainada galan türkmenistanlylary Watanymyza getirer. Bu barada Turkmenportal habar berdi.

"Borispol" howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, T53276 ýörite uçary "Borispol" halkara howa menzilinden Kiýew wagty bilen 18:30-da (Aşgabat wagty bilen 20:30) uçmaly. Watandaşlarymyzy alyp gaýdýan Boeing 777-200LR uçary ýerli wagt bilen sagat 00:40-da Türkmenabadyň halkara howa menziline geler.
Bu uçuş Türkmenistanyň Hökümetiniň görkezmesi bilen guraldy. Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik hökmany karantini geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenistanyň hökümeti pandemiýanyň ýaýramagy zerarly daşary ýurtlarda galan raýatlaryny getirmek üçin Türkmenabadyň halkara howa menziline Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanyň 120 raýaty serhet geçelgesiniň üsti bilen Özbegistandan öz Watanyna gaýdyp geldi.
Ýakyn wagtda türkmen raýatlaryny Moskwadan we Mýunhenden Watanymyza alyp gaýtmak üçin hem ýörite uçuşlar guralar.

düýn 07:41
8.8k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......