Moskwa — Türkmenabat nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrylar

  • 05.10.2020 22:40
  • 13k+

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda "Türkmenhowaýollary" awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Russiýadan Türkmenistana getirmek üçin nobatdaky çarter uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Turkmenportal habar berdi.

Moskwanyň Domodedowo howa menziliniň onlaýn tagtasynda habar berlişine görä, Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça T5706 uçuş Boeing 777-200LR uçarynda amala aşyrylar. Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýdýan uçar ýerli wagt bilen 11:00-da (Aşgabat wagty bilen 13:00) uçmaly. Uçar ýerli wagt bilen sagat 16:30-da Türkmenabadyň halkara howa menziline geler.
Bu ýörite uçuş Türkmenistan Hökümetiniň görkezmesi boýunça guraldy. Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik hökmany karantini geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenistan hökümeti, pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny Watanymyza gaýtarmak üçin Türkmenabayň halkara howa menziline Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanyň 120 raýaty gury ýer üsti bilen Özbegistandan öz Watanyna gaýdyp geldi.

24.04.2026 18:54
8.5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.7k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.9k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......