Türkmenistan Ýewropada galan raýatlaryny Watanymyza getirýär

  • 05.10.2020 18:09
  • 15k+

9-njy oktýabrda "Türkmenistan" awiakompaniýasy koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy sebäpli Ýewropa Bileleşigine girýän dürli ýurtlarda galan 100 raýatyny öz watanyna gaýtaryp getirmek maksady bilen, Mýunhenden ýörite uçuş amala aşyrar.

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýdýan ýörite uçuş ýerli wagt bilen sagat 14:00-da (Aşgabat) Mýunheniň howa menzilinden uçmaly. Uçar ýerli wagt bilen sagat 22:30-da Türkmenabadyň halkara howa menziline gelýär. Gelýänleriň hemmesi hökmany iki hepdelik karantini geçerler.
Awgust aýyndan bäri Hindistanda, Belarusda, Russiýada we Türkiýede galan ildeşlerimiziň "Türkmenhowaýollarynyň" ýörite uçarlary bilen Watanymyza gaýtarylyp getirilendigini ýatladýarys.

şu gün 18:53
2k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

şu gün 09:31
4.2k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......