Tesla elektrokarlaryň satuwy boýunça täze rekordy goýdy

  • 04.10.2020 23:07
  • 5.1k+

Elektrokarlary öndüriji Tesla amerikan kompaniýasy satuwda ýene bir gezek rekord goýdy. Bu barada ctnews.ru habar berýär. Analitikleriň çaklamalaryna garamazdan, şu ýylyň üçünji çärýeginde Tesla-nyň 139,3 müň nusgasy satyldy, bu çak edilen derejeden 5 müň san köpdür. Analitikler satuwyň 134,7 müň nusga derejesinde bolmagyna garaşýardylar.

Önümlerini satmak boýunça täze rekordyň goýlandygy baradaky habar kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji has sadady, ýagny bary-ýogy 97000 elektromobil satyldy.
2020-nji ýylyň başyndan bäri Tesla kompaniýasy 318 müň elektromobili satmagy başardy. Ýylda 500 müň awtomobil meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin, awtoöndüriji dördünji çärýekde 182 müň elektrokar satmaly bolýar. Ýerine ýetirilmedik wezipe Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasyna ýaramaz täsir edip biler.
Hünärmenler Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýanwar aýynda Tesla kärhanasynyň açylmagy söwdanyň ösmeginiň esasy sebäbi boldy diýip hasaplaýarlar. Bu kompaniýanyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kaliforniýanyň çäginden daşary ilkinji önümçilik boldy.
Şeýle-de, çak edijileriň Model 3 we Model Y awtomobilleriniň satuwyna degişli hasaplamalarda hem ýalňyşlyk goýberendikleri mälimdir. Olaryň çaklamalaryna görä, bu modelleriň 128 müňden gowrak nusgasy satylmalydy. Şeýle-de bolsa, 124 müň sanysy satyldy. Analitikleriň pikiriçe, munuň sebäbi Model Y awtomobiliniň çykarylmagy we onuň özünden öňdäkilere bolan islegi pese düşürmegidir.

düýn 23:24
794

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
542

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......