Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulyşmak meselesine garaldy

  • 04.10.2020 22:41
  • 4.1k+

Wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) bilermenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa hem-de oňa Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meselelere garaldy.

ÝUNESKO tarapyndan Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýanyň sekretariatynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar bu halkara ylalaşyga goşulyşmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler, onuň wezipeleri we maksatlary barada gürrüň berdiler.
Türkmen tarapynyň wekilleri Konwensiýa goşulyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler hem-de ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen şuňa degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa ÝUNESKO tarapyndan 2005-nji ýylda kabul edildi hem-de 2007-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi. Ol medeni maksatly hyzmatlar — «aýratyn häsiýetli önümler» ulgamynda işleri goldamagyň anyk ugurlaryny düzgünleşdirýär hem-de döwlet we hususy ulgamlaryň, raýat jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar.
Konwensiýa bir zynjyryň aýrylmaz bäş halkasynyň — döredijilik, önümçilik, ýaýratmak, elýeterlilik we medeni desgalardan peýdalanmak ýaly ugurlaryň jemgyýete peýda getirmegi üçin oňaýly ýagdaýy döretmek wezipesini öňde goýýar.

düýn 20:05
1.9k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 19:32
2.7k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

düýn 16:49
4.8k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

düýn 16:48
5.8k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...