Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde has güýçlendirilen gözegçilik görnüşleri giriziler

  • 03.10.2020 15:50
  • 25k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibini tassyklady.

Degişli Karara döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bu resminamada Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşleri göz öňünde tutulyp, awtomobil we demirýol ulaglarynda zyýansyzlandyryş –dezinfeksiýa işleriniň hem-de ulaglaryň ähli görnüşlerinde getirilýän karantina degişli önümlerde geçirilýän ilkinji barlaglaryň netijesine laýyklykda, mör-möjeklere garşy zyýansyzlandyryş – fumigasiýa işleriniň geçirilmegi düzgünleşdirilýär.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şu Tertibiň ýerine ýetirilmegini üpjün eder.
Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň çägini arassaçylyk taýdan goramak we howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek hem-de “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 221-nji maddasyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 15:51
5.2k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.1k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....